2025-nji ýylyň 13-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny guramaçylykly geçirmek babatda maslahat geçirdi. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
«Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukda geçiriljek forum BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisidir. Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça halkara maslahaty ilkinji gezek 2003-nji ýylyň awgust aýynyň 28-29-yna Gazagystanyň Almaty şäherinde guraldy. Forumda ýurtlaryň geografik çäklendirmeleriniň ykdysady ösüşe ýetirýän täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ýerde kabul edilen Hereketleriň Almaty maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň halkara hyzmatdaşlygynyň binýadyny emele getiren resminamadyr.
2014-nji ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ikinji halkara maslahaty guraldy. Forumda birinji halkara maslahatda kabul edilen hereketler maksatnamasyna ählitaraplaýyn baha bermek, üstaşyr ýük gatnawlary hem-de halkara söwdasy babatda milli, sebit we sebitara, halkara strategiýalary kesgitlemek, täze emele gelýän we geljekde ýüze çykyp biljek şertleri, mümkinçilikleri göz öňünde tutmak arkaly üstaşyr gatnawlar ulgamlarynyň meselesine garamak, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga hem-de olaryň öňünde durýan meseleleri çözmäge bütindünýä derejesinde ygrarlylygy berkitmek ýaly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda kabul edilen Hereketleriň Wena maksatnamasy ösüş strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynda örän ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýşi ýaly, dostluk mekany Awazada üstünlikli geçiriljek halkara forumda gazanyljak ylalaşyklar, kabul ediljek çözgütler Bitarap döwletimiziň döwrebap ulag-logistika ulgamynyň sebit we yklym ähmiýetli ýollaryň ösmegindäki ähmiýetini has-da artdyryp, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berer.
Kerimberdi ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.