Dark
Light
25.01.2026
awaza taze THE ASHGABAT TIMES

Awaza forumyna taýýarlyk boýunça brifing

21.07.2025

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (LLDCs) boýunça üçünji halkara maslahaty geçiriler. Bu iri halkara çäräni ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek maksady bilen, şu günler Awazanyň kenarynda taýýarlyk işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda täsirli platforma hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow her 10 ýylda bir gezek geçirilýän çäräniň ähmiýetini nygtady. Dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýan bu çärä giň gerimli taýýarlygyň görülýändigi bellenildi.

Brifingde protokol-guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we taýýarlyk işleriniň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek boýunça teklipler berildi.

Berdi MYRATGELDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmenistanyn-we-tunisin-dasary-syyasat-edaralarynyn-yolbascylary-telefon-arkaly-sohbetdeslik-gecirdiler
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Tunisiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

gozgalmayan emlak THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop