Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri amala aşyrmak we ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuk borçlanmalarynyň ykrar edilmegini, goralmagyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Kanuny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk döredildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde gullugyň müdirlikleri hem-de welaýatlardaky şäherlerde we etraplarda gullugyň ýerli edaralary döredildi. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny şol emlägiň ýerleşýän ýerindäki gullugyň ýerli edaralary amala aşyrýarlar.
Gozgalmaýan emlägiň obýekti — bu bellenilen çäkleri bolan hem-de fiziki we ýuridik şahslaryň eýeçiliginde ýa-da peýdalanmagynda durýan ýer bölegi, bina, desga, gurluşygy tamamlanylmadyk obýektler, ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlar, emläk toplumy hökmünde kärhanalar, emläk toplumynyň düzümine girýän gozgalmaýan emläkler ýa-da gozgalmaýan emlägiň başga obýektleri bolup durýar.
Eýeçiligiň döwlet tarapyndan ykrar edilmegi üçin, Raýat kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, gozgalmaýan emläge bolan ähli hukuklar we onuň bilen bagly geleşikler, ýagny eýeçilik hukugy; hojalygy ýörediş hukugy; operatiw dolandyryş hukugy; ýer bölegine mirasa goýmak hukugy bilen eýelik etmek hukugy; ynançly dolandyrmak hukugy; ýer böleginiň ýa-da binanyň, desganyň, üzňeleşdirilen jaýyň bäş ýyldan köp möhlet bilen kärende (kireý) hukugy; ýer bölegini hemişelik peýdalanmak hukugy; ipotekadan ýüze çykýan hukuklar; serwitutlar; döwlet emlägi döwletiň eýeçiliginden aýrylanda we hususylaşdyrylanda gozgalmaýan emläk babatda bellenilýän hukuklar we borçlanmalar; kazyýet edaralarynyň çözgütlerinden gelip çykýan hukuklar, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda başga hukuklar we hukuklaryň borçlanmalary bellenilen tertipde bellige alynmalydyr.
Gozgalmaýan emlägiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy diňe bir siziň hukuklaryňyzy goramak bilen çäklenmän, geljekde ýüze çykyp biljek jedelli ýagdaýlaryň öňüni almakda hem uly ähmiýete eýedir.
Hojamämet HOJAMÄDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirligiň Daşoguz şäher bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy, 3-nji derejeli ýurist.