Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülmek bilen, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň işjeň we döredijilikli taglymatdygynyň täze ykrarnamasy bolar. Bu iri maslahatyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşykly guralmagy bolsa şöhratly wakalara taryhy dereje berýär.
Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere seredilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz hem maslahatyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. BMG-niň 1965-nji ýylyň 8-nji iýulynda kabul eden Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýasy bu ugurdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Konwensiýada deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere özara ylalaşyk esasynda deňiz portundan peýdalanmaga we deňizde hereket etmäge mümkinçilik berilmelidigi nygtalýar. Konwensiýa erkin üstaşyr geçmek, gümrük salgytlary we gaýry ýygymlar, ulaglar, resminamalar, ýükleri wagtlaýyn saklamaga hem-de geçirmäge amatly şertleri, erkin zolaklary, şol sanda gümrük ýeňilliklerini döretmek bilen bagly kadalary özünde jemleýär. Ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler bilen üstaşyr söwda boýunça halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, sazlaşykly hyzmatdaşlyk etmekde mümkinçilikleri artdyrar. Şonuň bilen birlikde-de, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Gülnar GULGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.