Dark
Light
25.01.2026
caga taze THE ASHGABAT TIMES

Çagalar baglarynda şadyýan tomus möwsümi

22.07.2025

 Häzirki wagtda çagalar baglarynda tomus taplama döwründe körpeleriň arasynda dynç alyş we taplama çäreleri işjeň ýagdaýda geçirilýär. Ýyllyk iş meýilnamasy esasynda geçirilýän tomusky taplama çäreleri uly gyzyklanma döretdi. Bu çärenleriň dowamynda çagalaryň eşiklerini ýeňletmek, güne taplamak, arassa howada oýunlary guramak ýaly işler guralýar.

urdumyzyň howa şertlerine görä, gyzyklanma, göwnaçma çäreleri daşarda ýörite niýetlenen meýdançada guralsa, has gyzykly, şowhunly geçýär. Çagalaryň özbaşdak gyzyklanma, göwnaçma çärelerini meýilnamalaşdyrmak işlerine ykjam taýýarlyk görülýär. Çagalaryň gyzyklanma, göwnaçma çäreleri ertekileri, hekaýalary sahnalaşdyryp, aýdym aýdyp, goşgy okap, dürli hereketli oýunlar oýnadyp şowhunly, gyzykly guralmalydyr.

Mundan başga-da, çagalary toparlara bölüp, sport ýaryşlaryny hem guramak bolar. Çagalar surat çekmekde öz döredijilik ukyplaryny, zehinlerini görkezýärler. Tomus paslynyň howa şertlerine laýyklykda çagalar bilen geçirilýän taplama çäreleriniň ruhubelent we sagaldyş häsiýetli bolmagy körpe nesilleriň irki ösüşinde hem oňyn ähmiýete eýedir.

Bagtyýar nesilleriň sagdyn ösmegi we kemala gelmegi ugrunda Garaşsyz ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler we bagtyýar durmuş üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar bolsa tutuş halkymyzyň, şol sanda bagtyýar çagalaryň kalbyndan hem uly joşgun bilen zybana gelýär.

Saýýara SABYROWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gozgalmayan emlak THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklar

awaza for 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Awaza forumy: möhüm çözgütler, täzeçil teklipler

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop