HU0vOjrHvk THE ASHGABAT TIMES

ÝOLBAŞÇYNYŇ ESASY IŞ SYPATLARY

09.02.2024

Häzirki  döwürde  ylmy-tehnikiösüşler  bilen  birlikde durmuşa  bolan  düşünjelere,  oý-pikirlere  täzeçe  çemeleşmek talap   edilýär.   Adamyň   şahsyýetine ýüzlenmek,   onuň özbaşdaklygyny   we   gymmatlyklaryny   ykrar   etmek, dolandyryşda  ünsi  adama  gönükdirmek  täzeçe  çemeleşmäniň alamatlarydyr.

Ýolbaşçynyň işi köp ugurlydyr hem-de dürli görnüşlidir. Şuňa  laýyklykda  hem-de  jemgyýetiň  gymmatlyklarynagörä, ýolbaşçyda  toplumlaýyn  şahsy  we  umumy  häsiýetli  sypatlar jemlenen bolmalydyr.

Häzirki  döwürde  şahsyýetiň  mertebesini  we  erkinligini dikeltmek möhüm wezipe hasaplanylýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmek,  ilkinji  nobatda,  ýolbaşçydan  başlanýar.  Ýagny ýolbaşçy  durmuşda  elmydama  öz  mertebesini  saklamagy başarmalydyr,  edil  şonuň  bilen  deň  derejede  her  bir  adamyň mertebesine  hemişe  hormat  goýmalydyr.  Mertebeli  ýolbaşçyişiň başyny başlamaga, görelde görkezmäge ukyply bolýar, ol başarjaň, gaýratly we jogapkärçiligi duýýan şahsyýetdir. Onuň halal  işlemäge  şahsy  mümkinçiligi örän  uludyr.  Mertebelilik ýolbaşçynyň  dogruçyllygyna  baglydyr.  

Ýolbaşçynyň  işgärler köpçüliginiň öňünde hasabat bilen çykyş etmegine uly ähmiýet berilýär. Şu sypatlar diňe ýolbaşçy üçin däl-de, ol ähli işgärler, adamlar üçin häsiýetli bolmalydyr. Şonuň üçin şeýle sypatlar umumy   sypatlar   diýilýär.   Olardan   başga   ýolbaşçyda ýöriteleşdirilen aýratyn sypatlar: syýasy, ykdysady, psihologiýa medeniýeti,  kompýuter,  buhgalteriýa  we  dil  babatdaky sowatlylyk ýaly häsiýetler degişli bolmalydyr.

Ýolbaşçynyň  syýasy  medeniýeti,  onuň  hojalyk  işlerini döwletiň syýasatyna laýyk ýöretmek ukybyny aňladýar. Şonuň üçin her bir hojalyk  ýolbaşçysy döwletiň syýasatyna  görä öz işini guramalydyr. Ýolbaşçylyk edýän toparynda bähbitli işler bilen döwletde, jemgyýetde öz ornuny tapmalydyr.

Ýolbaşçynyň  kabul  edýän  görkezmeleri  we  ýerine ýetirýän  kanuny  tabşyryklary  adamlaryň  ýaşaýyş  derejesine täsir  edýän  hem-de  kesgitli  durmuş-ykdysady    netijelere getirýär.  Ýolbaşçy  durmuş-ykdysady  işleriň  guramaçysy hökmünde  şahsy, topar we jemgyýetçilik bähbitlerini özünde jemleýär. Jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylýan  şertlerinde ýolbaşçylykda ylalaşmak ýörelgesi möhümdir. Kiçi toparlaryň hukuklarynyň kepillendirilişi bu ýörelgä baglydyr.Ýolbaşçynyň   syýasy   medeniýeti   onuň   umumy medeniýetliliginiň bir bölegidir. Ol jemgyýetiň ösüşiniň taryhy derejesine, adamyň    döredijilik kuwwatyna we mümkinçiliklerine  baglydyr.  Syýasy  medeniýetiň  düzümine syýasy sowatlylyk, syýasy duýgurlylyk girýär.

Kakajan ATAÝEW

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
vfTreeN3RA THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

SÖZ BAÝLYGY WE LENÇ EDILEN SÖZLER

UghWTaA3M0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

PUDAKLAÝYN DOLANDYRYŞ MESELELERI ÇÖZMEK ÜÇIN ULANYLÝAN PROGRAMMA SERIŞDELERI

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop