Täze taryhy döwürde geçirilýän halkara we sebit ähmiýetli duşuşyklardyr maslahatlar Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Şu jähetden, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Hazaryň türkmen kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy.
Maslahat bilen ugurdaşlykda birnäçe çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry, hususan-da, halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar.
Goý, dünýäde ählumumy abadançylygyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Yslam GURBANMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.