Dark
Light
25.01.2026
awaza for taze THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza maslahaty: hyzmatdaşlyk arkaly ösüş

23.07.2025

Ýene birnäçe günden gojaman Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çeker. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň, hökümet wekiliýetleriniň duşuşyklary, halkara işewürler maslahatlary, sergiler, şeýle hem daşary ýurtlaryň tanymal estrada aýdymçylarydyr artistleriniň gatnaşmagyndaky sungat festiwallary, möhüm jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär. 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy boldy. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogy, sebit ýurtlarynyň halkara sergisi, ykdysady forumy, milli tagamlaryň sergisi, sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti hem guraldy. «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly şeýle giň gerimli halkara çäreleriň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolmagynda galýar hem-de bu gatnaşyklarda hemişe ygtybarly hyzmatdaş, açyk ýurt hökmünde tanalýar. Birek-birege düşünişmek, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr. Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna dostlukly ýagdaýda pikir alyşmak, onuň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wajyp ugurlaryny kesgitlemek üçin açyk dialog platformasy — deňhukukly gepleşikler meýdançasy hökmünde garaýar.

Leýli JUMANAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza for 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza forumy: möhüm çözgütler, täzeçil teklipler

awaza kongres THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ygrarlylykdan özgerişe tarap: BMG-niň Awaza forumynda zenanlaryň orny

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop