Dark
Light
25.01.2026
1678233905 bogatyr club p starinnii kompas foni instagram 32 THE ASHGABAT TIMES

Kompas barada

11.03.2024

Kompasyň taryhyna ser salsaň, ilkinji gezek ol Sun dinastiýasy döwründe Hytaýda oýlanyp tapyldy we çöllerde syýahatyň ugruny görkezmek üçin ulanyldy.
Bu ýeriň üstünde ugur kesgitlemäge kömek edýän enjam bolup, ýeriň magnit polýuslaryny we taraplaryň (günbatar, gündogar) ugurlaryny görkezýär.
Gadymy kompas inçe tutawaçly we sferik güberçek bölegi bolan çemçe ýalydy. Çemçäniň özi magnetitden ýasalan bolup, gowy ýylmanan güberçek bölegi mis ýa-da agaç plastinada oturdylýar.
Häzirkizaman kompaslary magnit, suwuklyk, giroskop kompaslaryna bölünýärler. Magnit kompasyň işleýiş düzgüni Ýeriň üstündäki magnit çyzyklaryna diljagazyň gabat getirilmegi bilen düşündirilýär.
Gutynyň içinde 360 ° -a bölünen tegelek şkala bar. Onda N, S, E, W harplary bar, manysy: demirgazyk, günorta, gündogar we günbatar. Käbir kompaslarda N harpy ýok, ýöne bolmaly ýerinde uly gyzyl üçburç belgi bar.
Gyzyl (kä halatlarda gök) diljagaz hemişe demirgazygy görkezýär. Kompasy haýsy tarapa öwürseňizem, gyzyl ok henizem demirgazyga yşarat eder. Ýeriň magnit meýdanyna, elektrik simlerine, demir ýollaryna we beýleki demir gurluşlaryna reaksiýa berýär hem-de nädogry ugry görkezýär.
Azimut demirgazyk tarapyň we seredilýän ugruň arasyndaky burç. Ýagny gözlenilýän obýektiň demirgazyk ugurdan näçe burça öwrülendigini görkezýän ululyk. Burç üçin ölçeg birligi, 1 gradus (°) diýip kabul edilýär. Bir gradus tegelegiň 1/360 bölegi.
Galyberse-de bir gradusyň 1/60 bölegine minut (‘), minudyň 1/60 bölegine sekunt (”) diýilýär. 

Gurban BEGALYÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

unnamed THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

PEDAGOGIK PSIHOLOGIÝADA ŞAHSYÝETIŇ ÖSÜŞI WE KEMALA GELŞI

about us sub page green energy is now cheaper than black top hero THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýädäki iň uly deňiz ýel elektrik stansiýasy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop