awaza gami THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlaryň tagallalaryny birleşdirip

23.07.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülip, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň işjeň we döredijilikli taglymatdygynyň täze ykrarnamasy bolar. Bu iri maslahatyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşykly guralmagy şöhratly wakalara taryhy dereje berýär.

Ýeri gelende, halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreleriň ençemesiniň meýilleşdirilýändigini bellemelidiris. Forumyň meýilnamasy işewürlik hem-de medeni çäreleri, sergileri we Merkezi Aziýa döwletleriniň milli günlerini, umuman, çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Olaryň hatarynda ýaşlar forumy hem uly ähmiýete eýedir. Sebäbi biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, watançy şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz ― ýaşlara döwletimiz tarapyndan ähli babatda doly goldaw berilýändigi bolsa täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlar döwrebap bilim alýarlar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, ylym-bilim, döredijilik işi bilen meşgullanýarlar. Bu babatda ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde geçiriljek ýaşlar forumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar ― 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýändigini nygtamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda BMG-niň syýasy resminamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmekde, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» ählumumy gün tertibini bilelikde amala aşyrmakda ýaşlaryň dialogy işjeň ösdürilýär. Şonuň esasynda dürli ýurtlardan geljek ýaşlaryň arasyndaky duşuşyklar durnukly ösüşiň umumy wezipelerini kesgitlemek we olary netijeli çözmek işini has-da giňeltmäge ýardam berer.

Goý, halklaryň arasynda dost-doganlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we dünýä ähmiýetli tutumlary elmydama rowaç alsyn!

Arazgeldi AŞYROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet  mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň başlangyç biliminiň mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 405-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
271224 emblema THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara maslahatlar – hoşniýetliligiň nyşany

awaza forum 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara hyzmatdaşlykda möhüm meýdança

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop