Dark
Light
24.01.2026
awaza emblem THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza maslahaty: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny

24.07.2025

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek mowzuklaýyn çäreleriň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ähli möhüm ugurlary, şol sanda gender syýasatyny hem öz içine alýandygyny bellemek gerek.

Deňhukuklylyk, erkinlik ýörelgelerine, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda erkekler hem-de zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Hut şoňa görä-de, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň möhüm bölegi bolup durýan gender deňligi boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Awazada geçiriljek forumyň maksatnamasyna zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň girizilmegi-de tötänleýin däldir. Çünki zenanlaryň öň hatarda bolmagy häzirki döwrüň ählumumy, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmegiň möhüm şertidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde häzirki wagtda maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. 13-nji iýulda Awazada geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda Milli Liderimiz ýurdumyzyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty we onuň çäklerinde dürli çäreleri guramak arkaly dünýä döwletleri bilen dostluk köprüsini gurýandygyna ünsi çekdi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän köp sanly çäreler bilen bir hatarda, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy barada hem aýratyn durlup geçildi.

Jemläp aýdanyňda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini, sebit we ählumumy derejede durnuklylygyň üpjün edilmegini, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmegini şertlendirýän syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer işlere goşant goşmakda zenanlaryň tagallalarynyň ýokary derejede ykrar edilýändigini we goldanylýandygyny görkezmäge gönükdirilendigini bellemek gerek.

Mähriban GELDIMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hazar kaspi avaza awaza turkmenbashi tourism THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awaza: ýaşlar – dünýäniň geljegi

awaza kenar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awaza forumy: geografik özboluşlylygy mümkinçiliklere öwrüp

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop