Şu günler ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu maslahatyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir.
Hazaryň kenarynda ýaýbaňlandyryljak wekilçilikli maslahatyň çäklerinde hususy pudagyň forumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär. Bu çäre maslahata gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy bähbitli çözgütleri işläp taýýarlamakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar. Awaza forumynyň esasy maksady durmuş abadançylygy we ykdysady ösüş üçin hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen baglanyşyklydyr. Hususyýetçilik ykdysady ösüşiň depginini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga ukyply pudak hasaplanýar. Ýurdumyzyň döwrebap ulag-logistika düzümleriniň mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlykda gazanylan oňyn tejribeler maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hususy pudagynyň wekilleri üçin iňňän peýdaly bolup biler.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde hususy pudagyň ýörite forumynyň geçirilmegi möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribeleri baýlaşdyrmaga uly kömek eder. Forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hususy pudagy ösdürmek bilen baglanyşykly täzeçil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, şol döwletler üçin degişli maslahatlary, teklipleri hödürlemäge mümkinçilik berer. Bu möhüm ugurdaky oňyn çözgütler forumyň netijeleri boýunça kabul ediljek 2024 — 2034-nji ýyllar döwri üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda mynasyp orun alar.
Gahryman Arkadagymyz: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän, bütin adamzadyň abadançylygy üçin möhüm başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Güneş MYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.