migrasiya pasport THE ASHGABAT TIMES

Migrasiýa gullugynda döwrebap hyzmatlar

24.07.2025

Häzirki zaman dünýäsinde migrasiýa diňe bir adamlaryň ondan-oňa göçmek hadysasy bolman, eýsem, ol çylşyrymly syýasy, ykdysady, durmuş, howa we ynsanperwer ýagdaýlaryň hem netijesidir. Şol bir wagtda ol durnukly ösüşiň-de möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň milli, sebitleýin, halkara derejede alyp barýan syýasatymyza, hukuk binýadyna, hyzmatdaşlyk gurallaryna baglylykda, migrasiýa hem howp, hem mümkinçilik bolup biler.

Soňky wagtlarda Merkezi Aziýa sebitiniň dünýädäki geostrategik ornunyň barha pugtalanýandygy hemmä mälim hakykat. Şunda ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşinde migrasiýa, durnukly ösüş we ekologiýa meseleleri hem derwaýys ähmiýete eýedir. Elbetde, geçen döwürde sebitde raýatsyzlygyň soňuna çykmak, ekologik wehimlere uýgunlaşmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda görnetin anyk ädimler ädildi. Bäş dostlukly döwlet tarapyndan howpsuz, ýönekeý, jogapkärçilikli migrasiýa amallaryny kemala getirmek, sebitleýin migrasiýa syýasatyny ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler-de işjeň häsiýete eýe bolýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy diňe bir işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, raýatlardyr daşary ýurtly myhmanlar üçin amatlylygyň, açyklygyň, howpsuzlygyň ýokary derejesini hem üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy sanly çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrýar. Ýurdumyzyň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda raýatlara gümrük barlagçysy gatnaşmazdan, özbaşdak we howpsuz pasport barlagyny geçmäge mümkinçilik berýän «e-Gate», biometrik maglumatlary ýokary takyklykda ýüze çykarmaga gönükdirilen «Tassent» ulgamy ýaly tehnologiýalary muňa anyk mysal hökmünde görkezip bileris. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda wiza syýasatyny kämilleşdirmek babatda-da ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda halkara standartlara laýyk gelýän, şeýle-de howpsuzlygyň we açyklygyň arasynda deňeçer çemeleşmäni üpjün edýän çeýe wiza bermek ulgamy kemala getirildi. Saparyň maksadyna görä, raýatlara syýahatçylyk, iş, ynsanperwer, üstaşyr ugurly wizalar hödürlenilýär. Diýarymyzda elektron wiza ulgamyna geçmek boýunça ädilen ädim bolsa ýurdumyzyň çägine girmek üçin rugsat almakda has oňaýly şertleri döretmek babatda täze mümkinçilikleri açdy. Resminamalary doldurmagyň e-visa ulgamyna geçilmegi bilen, daşary ýurtly raýatlar indi konsullyk edaralaryna barmak zerurlygy bolmazdan, ýüztutma berip, onlaýn tertipde wiza alyp bilýärler

Batyr HANKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaza forum 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara hyzmatdaşlykda möhüm meýdança

awaza taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Awaza forumy: ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerledip

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop