Dark
Light
25.01.2026
awaza forumm 1 THE ASHGABAT TIMES

Deňze çykmak – ykdysady öňe gidişlik

25.07.2025

Biziň ýurdumyzda syýasy forumlaryň, halkara maslahatlaryň köpugurly çäreler bilen utgaşdyrylyp, baýramçylyk ruhunda geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň halklaryň dostlukly gatnaşygy bilen bagly her bir işe diňe däp bolan resmi kadalar esasynda däl-de, yssy mähir, ýürek ýylysy, “Gelen döwlet”, “Myhman ataňdan uly” diýýän halkymyzyň ýokary myhmansöýerligi bilen çemeleşmegi netijesinde şeýle bolýar.

Bu hakykata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň wakalaryna ser salanyňda-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Hormatly Arkadagymyz saparyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda guraljak iri forumyň çäreleriniň ýaýbaňlandyryljak ýerlerinde bolup, taýýarlyk işleri bilen içgin tanşyp, ähli zada ýiti synçy nazary bilen garap, gymmatly maslahatlaryny berdi, tekliplerini beýan etdi. Maslahata gatnaşyjylaryň netijeli işi üçin ähli oňaýlyklaryň döredilmeginden başlap, myhmanlaryň Awazada gezelenç edip, göwnejaý dynç alşynyň üpjün edilmegine çenli hemme zadyň üns merkezindedigi çäreleriň örän göwnejaý derejede geçiriljekdigine birjik-de şübhe goýmaýar.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 13-nji iýulda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň giň gerimine, ägirt uly ähmiýetine has ýakyndan göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şunda forumyň giň maksatnamasy beýan edilip, öňde duran wezipeler anyklaşdyryldy, jogapkär düzümlere berk talaplar bildirildi. Ýol aýdyň bolanda, ýöremegiň ýeňilleşýändigi, ädimleriň tizleşýändigi bellidir.

Röwșen TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gulun owadan bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen milli keçesini taýýarlamak boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi

deniz forum 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Deňiz geçelgesi – ösüş köprüsi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop