Ýene birnäçe günden gojaman Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çeker. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler.
Çözülmegi oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljek üçin garaýyşlarynyň we meýilnamalarynyň gözden geçirilmegini talap edýän, köp döwletler üçin möhüm ähmiýeti bolan meseleler boýunça BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli forumy guramagyň ähli jogapkärçiligini Türkmenistan dolulygyna öz üstüne aldy. Ýurdumyzyň bu ugurda hyzmatdaşlyk garaýşy oňa ulgamlaýyn, anyk maksada gönükdirilen häsiýet bermegiň, degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy sebit meýdançasyndan Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine çykarmagyň zerurlygyna esaslanýar. Şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde 57 döwletiň awtordaşlygynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, sebit we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen forumyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň 4-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri alyp barmak boýunça tabşyryklary berdi. Wekilçilikli forum bilen bagly meseleler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji iýulda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ybraýym GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.