hazar port THE ASHGABAT TIMES

Deňiz derwezesi – halkara hyzmatdaşlygyň ýoly

25.07.2025

Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan häzirki zaman meýilleriniň seljermesi ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan-da, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin birleşdiriji şerte öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, täze üstaşyr ulag merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrebap milli deňiz söwda flotunyň döredilmegini ulag ulgamyndaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň häzirki zaman infrastrukturasy, düzüm bölekleri diňe bir häzirki zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde ýüze çykjak islegleri hem ýokary hilli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Portuň doly kuwwatyna çykarylmagy yklymara ýük daşamalaryň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we Türkmenistanyň üstaşyr terminallary has gysga hem-de bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasyna öwrüler.

Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisi bolan Awaza forumy häzirki geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp duran şertlerinde deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly anyk ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berer. Nobatdaky maslahat üçin saýlanyp alnan «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk hem onuň esasy mazmunyny özünde jemleýär.

Baba BABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
deniz forum 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Deňiz geçelgesi – ösüş köprüsi

hazar denzi foto 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Awaza forumy: zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop