hazar kaspi avaza awaza turkmenbashi tourism THE ASHGABAT TIMES

Awaza: ýaşlar – dünýäniň geljegi

24.07.2025

Awazada geçiriljek maslahat mümkinçilikleriň we täze başlangyçlaryň netijeli meýdançasy bolup hyzmat eder. Maslahat bilen ugurdaş ýaýbaňlandyryljak Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleri, parlamentara, ýaşlar, zenanlar forumlary we beýleki çäreler hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň binýadyny has-da berkider. «Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny artdyrmak we mümkinçiliklerini giňeltmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegi üçin köpri gurmak» ady bilen geçiriljek Ýaşlar forumy halkara ýaşlar dialogyny dabaralandyrmakda hem uly ähmiýete eýe bolar.

Ýaşlar BMG-niň ählumumy Gün tertibi boýunça möhüm halkara meselelere we wajyp wezipelere işjeň seslenýärler. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin Bitarap Türkmenistan döwletimiz tarapyndan ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. BMG-niň wekilçilikli maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi sözümiziň aýdyň delilidir. Bu forum diňe deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky dialog meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, üstaşyr geçelgeleri bolan ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde, özara tejribe, pikir alyşmakda hem esasy meýdança öwrüler.

Ýaşlar forumy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ýaşlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň maksatlaryna laýyk gelýän täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün eder. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ilatynyň 58 göterimi 25 ýaşa çenli ýaşdaky ýaşlar bolup, olar ägirt uly intellektual mümkinçiliklere we innowasion serişdelere eýedir. Bu ýurtlaryň ilat sany indiki onýyllygyň ahyryna çenli 140 milliona çenli artar diýlip çaklanylýar. Netijede, dünýä döwletleriniň ykdysady-jemgyýetçilik ösüşi ýaşlaryň demografik güýji we döredijilik kuwwaty bilen berk baglanyşyklydyr.

BMG-niň agza döwletleriniň, guramalarynyň ýokary derejeli işgärlerini, şol sanda Ýaşlar maslahat beriş toparynyň agzalaryny, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýaş wekillerini, türkmenistanly ýaşlaryň 100-e golaýyny bir ýere jemlejek Ýaşlar forumy innowasion pikirleri ösdürmek, durnukly ösüşi gazanmak hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hereketleriniň indiki 10 ýyllyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ösüşi üpjün etmek babatda uly ähmiýete eýedir. Forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegi bilen bagly garaýyşlaryny we goşantlaryny beýan etmegi üçin ýaşlara uly mümkinçilik döreder.

Toýbibi KÖMEKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaz haz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awaza – dost-doganlyk mekany

awaza emblem THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Awaza maslahaty: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop