awaza forummm THE ASHGABAT TIMES

Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerledip

29.07.2025

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 13-nji iýulda guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiz 7 sany esasy ugur boýunça geçiriljek maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini nygtady. Olaryň hatarynda ýaşlar forumynyň hem bolmagy ýurdumyzda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.

Forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi gatnaşyklaryň hilini özgertmäge hem-de netijeliligini artdyrmaga ýardam eder. Maslahat bilen ugurdaşlykda birnäçe çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunda ýaşlar forumy hem möhüm ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, meýilleşdirilýän ähli çäreler dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, durnukly ösüşiň umumy wezipelerini çözmek işine gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, her bir ýurt üçin giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Ýaşlar döwletiň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär. Şu jähetden, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillere Watanyň daýanjy hökmünde uly ynam bildirýär. Şoňa görä-de, ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, milli ruhda terbiýelenmeginde, döredijilik ukyplarynyň kämilleşdirilmeginde, saýlap alan hünärlerine eýe bolmagynda, ylym bilen meşgullanmak mümkinçiligini ösdürmekde hemişelik Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaýyn işler nusgalyk häsiýete eýedir.

Merjen ÝALKAPOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaza kenar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hyzmatdaşlyk arkaly ählumumy ösüşe goşant

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda bilelikdäki hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop