Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Awaza forumynyň çäklerinde ugurdaş çäreler hem guralar. Bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alyp, şolaryň arasynda zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyna hem möhüm orun degişlidir.
Şeýle duşuşygyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly gender deňligini üpjün etmäge we goldamaga, aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde gender deňligi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitlenildi. Şonuň üçin zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda gender deňligi ulgamynda ýüze çykýan meseleleri çözmäge ýardam eder.
Halkara maslahatyň çäklerinde geçiriljek bu duşuşygyň maksady, esasan, zenanlaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik ugurlaryna gatnaşmagy üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmakdan, gender deňligini öňe sürmekde öňdebaryjy tejribeleri we innowasion çemeleşmeleri kesgitlemekden ybaratdyr. Aýallaryň hukuklarynydyr mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça teklipleri we zerur bolan borçnamalary kesgitlemek 2024 — 2034-nji ýyllarda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amala aşyrylyşyny tizleşdirmäge ýardam berer we onuň 2030-njy ýyla çenli döwür boýunça Gün tertibi bilen ýakyn arabaglanyşygyny beýan eder.
Umuman, zenanlaryň syýasatdaky hem-de durmuşdaky ornuny goldamak we giňeltmek üçin Türkmenistanyň alyp barýan işleri, bu ugurda toplan tejribesi ählumumy we sebit meýdançalarynda içgin gyzyklanma döredýär. Dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyna, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Laçyn HÜMMEDOWA,
TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň EHM-niň operatory.