4-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçýän bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbidine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýene-de Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Myhman türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Şeýle hem belent mertebeli myhman ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere hem-de bu ugurda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.
«THE ASHGABAT TIMES».