Dark
Light
25.01.2026
awaza bas THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza maslahaty öz işine başlady

06.08.2025

Düýn, 5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň  açylyş dabarasy boldy. Oňa foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, ýokary derejeli wekiliýetleriň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjy ýokary derejeli myhmanlary mähirli garşylady. 

Soňra  bu ýerde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda gutlag sözi bilen çykyş etdi. 

Soňra BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang  çykyş etdiler. 

Çykyşlarda bu forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi. Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini nygtadylar.

Soňra BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ýokary derejedäki tematik «tegelek stollar», forumlar, duşuşyklar we beýleki ugurdaş çäreler geçirilýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza forma THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza forumy: durnukly ösüşiň bähbidine bilelikdäki tagallalar

awaza gun THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop