surat 11 THE ASHGABAT TIMES

Taryhy wakalaryň buýsanjy

07.08.2025

Ýakynda Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Bu jemgyýetçilik çäresi Awazada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna bagyşlandy.

«Türkmenistan ― halkara gatnaşyklaryň mekany» atly dabaraly maslahatda hem şular barada çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu forumyň Bitarap döwletimizde geçirilmeginiň taryhy ähmiýeti, halkara forumyň işiniň üstünlikli aýratynlyklary, onuň çäklerinde guralan duşuşyklaryň, maslahatlaryň we köpugurly çäreleriň baý mazmunlylygy barada bellediler.

Şeýle-de bu maslahatda ýurdumyzyň syýasy, jemgyýetçilik durmuşynda şeýle möhüm ähmiýetli iri çäreleriň eýeleýän orny, bu wakalardan gelip çykýan wezipeleri ýaş nesliň arasynda wagyz etmegiň mümkinçilikleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň arasynda bolup ýurdumyzyň täze üstünlikleri barada düşünjeleri artdyrmagyň, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň ýörelgelerine üns çekildi. Dabaraly maslahatyň barşynda parahat ýurdumyza guwanjy, döwrümize bolan belent buýsanjy alamatlandyrýan aýdym-sazlara orun berildi.

Şeýle taryhy wakalaryň geçirilýän döwründe olara seslenmek jemgyýetçilik wekilleriniň mynasyp borjy bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, biz hem Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň wekilleri bolup bilim-terbiýeçilik edaralarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatlaryny yzygiderli wagyz etjekdigimize ynandyrýarys.

Gülnar ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary etrap Geňeşiniň başlygy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1000057704 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Awaza sport toplumynda” Raýat jemgyýetiniň forumy geçirildi

sawkat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop