Awgust aýynyň 4-5-i günleri «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň “Awaza sport toplumynda” Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy geçirildi. Foruma dürli ýurtlardan jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, jemgyýetçilik liderleri, raýat başlangyçlary boýunça hünärmenler, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşleriniň, Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniñ wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda durnukly ösüşe raýat jemgyýetiniň goşandy, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda jemgyýetçilik guramalarynyň orny we halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Meýilnamanyň çäklerinde çykyşlar, tegelek stollar, tejribe alyşmalar hem-de jemgyýetçilik taslamalarynyň tanyşdyrylyşy amala aşyryldy. Bu forumyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň raýat hukugy, hyzmatdaşlyk we jemgyýetçilik dialogyna uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gözel PIRMUHAMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň uly mugallymy