8-nji awgustda Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.
Ilki bilen, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag we energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, sebit integrasiýasy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mowzuklaýyn “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri diňlenildi. Maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlar baradaky hasabatlara aýratyn üns berildi.
Soňra Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy. Bu resminama DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni beýan edip, ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak, söwdany ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri özünde jemleýär.
Foruma gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen resminamalaryň mundan beýläk-de bilelikde hereket etmek üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirip, kabul edilen çözgütleriň we maslahatlaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi resmi taýdan ýapyk diýlip yglan edildi. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli we ählumumy derejede durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».