THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreleriň birnäçesiniň guramaçysy bolup çykyş etdi

10.08.2025

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty köp formatly we köpugurly wakadyr. Türkmenistan kabul ediji ýurt hökmünde oňa gabatlap, häzirki şertlerde DÇBÖBD-niň möhüm meseleleriniň netijeli çözgütlerini gözlemek bilen baglanyşykly milli çäreleriň birnäçesini taýýarlady. Olary guramaga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de bilermenleri gatnaşdylar.

Hususan-da, 6-njy awgustda ýaşlara bagyşlanan çärede, durnukly energetika boýunça çärede, häzirki dünýä gün tertibiniň möhüm meselesi bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça ugurdaş çärede ýurdumyz guramaçy hökmünde çykyş etdi. Munuň özi ýurdumyzyň köp ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga saldamly goşant goşýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
5x2a7881 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza maslahaty: dostluk we ynanyşmak köprüsi

icc 0590 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilelikdäki okgunly herekete çagyryş

Soňkylar Habar

GitTop