icc 0590 THE ASHGABAT TIMES
TURKMENISTAN GAZET

Bilelikdäki okgunly herekete çagyryş

10.08.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen aýda kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, 6-njy awgust «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň çäklerinde bu şanly sene mynasybetli ýörite brifingiň hem geçirilmegi aýratyn mazmuna eýedir.

Degişli Kararnamanyň giňişleýin mazmuny BMG-niň internet saýtynda elýeterli bolup, ol bu iri düzümiň resmi dillerinde ýaýradyldy. Resminamada bu şanly senäniň şu ýyldan başlap her ýyl belleniljekdigi aýdylýar. Şeýle hem bu Kararnama ähli döwletlere — Birleşen Milletler Guramasynyň agzalaryna we synçylaryna, BMG-niň ulgamynyň edaralaryna hem-de beýleki halkara we sebit guramalaryna bu halkara güni gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar, raýat jemgyýeti, hökümete degişli bolmadyk we maliýe düzümleri, hususy pudak, ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde, bar bolan meseleler barada habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek arkaly bellemäge çagyrýar.

Brifingde çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, bu gün diňe bir şanly sene däldir. Ol okgunly hereket etmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografiýa taýdan uzakda ýerleşýändikleri hem-de deňze göni çykalganyň ýoklugy sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin päsgelçiliklerine ählumumy derejede düşünilmegini çuňlaşdyrmaga çagyryşdyr. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de olary çalt çözmek üçin bilelikdäki anyk çäreleri işläp taýýarlamak boýunça netijeli dialog meýdançasyna öwrülen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu babatda nusgalykdyr. Şoňa görä-de, bu halkara günüň ilkinji gezek biziň ýurdumyzda bellenilmegi ata Watanymyzyň  halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Gadam BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
5x2a7896 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreleriň birnäçesiniň guramaçysy bolup çykyş etdi

icc 9800 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Awaza forumy: umumy maksatlaryň bähbidine

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop