icc 9331 THE ASHGABAT TIMES
TURKMENISTAN GAZET

Umumy maksat – röwşen geljegi gurmak

11.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwlet üçin ýagty geljegi gurmak maksady bilen bu ýere jemlenen hökümetleriň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, bilermenleriň, raýat jemgyýetiniň hem-de ýaşlaryň wekilleriniň aýdyň we işjeň duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiz maslahatyň birinji umumy mejlisinde taryhy mazmunly çykyş edip, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna goşýan goşandyny giňişleýin beýan etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Türkmenistanyň teklibi boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şeýle hem biziň ýurdumyz şu ýyl dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde taryhy senäni — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Bu wakalaryň ikisiniň hem Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelmegi simwoliki ähmiýete eýedir. Parahatçylyk, ynanyşmak, Bitaraplyk düşünjeleri biziň üçin özara aýrylmaz bagly bolup, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň manysyny we düýp mazmunyny düzýär. Olar biziň halkara giňişlikdäki hereketlerimizi hem-de başlangyçlarymyzy kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň ileri tutýan ugry bolan we bolmagynda galýan daşary syýasatymyzyň filosofiýasyny aňladýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 5-nji awgustda geçirilen forumyň birinji umumy mejlisinde bu maslahatyň halkara işiň esasy ölçeglerini, ýagny ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa we beýleki ugurlary öz içine alýandygy aýratyn belledi hem-de bu ugurlarda möhüm teklipleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşynyň dowamynda  forumyň münberinden «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekil, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima bolsa: «Awazanyň ady sagdynlyk, ýakymly owaz astynda dynç alyş hem-de syýahatçylyk bilen sazlaşýar. Mundan beýläk bu täsin künjegiň owadan owazly ady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-si üçin umyt-arzuwy hem-de giň mümkinçilikleri alamatlandyrýar» diýmek bilen, bu maslahatyň taryhy ähmiýetini nygtady.

Görnüşi ýaly, şeýle wekilçilikli forumy kabul etmek ýurdumyz üçin belent mertebedir. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hukugynyň Türkmenistana berilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Öňdengörüjilikli, anyk hereketlere gönükdirilen, ençeme onýyllyklaryň dowamynda bilelikde işlemek üçin ygtybarly binýat boljak resminama — Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi wekilçilikli forumyň esasy netijesidir.

Berdimyrat GOÇYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
icc 0554 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda

mugallymlar bilim maslahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop