sagdyn witamin iymit sagdyn THE ASHGABAT TIMES

Tomus we sagdyn iýmitlenme

10.08.2025

Sagdyn iýmitlenmek — bu adamyň kadaly ösmekligini we kämilleşmekligini, durmuş dowamlylygyny alyp barmaklyga hem-de saglygyny berkitmeklige, keselleriň öňüni almaklyga ýardam berýän iýmit önümleri bilen iýmitlenmek hadysasydyr. Sagdyn iýmitlenmeklik barada aýdylanda, iýmit önümleriň biodürliligi, iýmitlenmegiň tertibi, kabul edilýän iýmitiň mukdary, iýmit önümleriň hiliniň gözegçiligi ýaly görkezijileri öz içine alýar. Her bir adamyň, aýratyn hem, çagalaryň iýmitlenmekliginde bu meselelere aýratyn üns bermeklik hökmanydyr.

Yssyda köp suw içmeli. Suw içmek yssy howada örän möhümdir. Suwsuzlygyň emi arassa suwdur. Şeýle hem gök çaý içip bilersiňiz. Elbetde, yssyda iň sagdyn iýmitler miweler, gök önümler we otlardyr. Olary çig ýa-da dürli tagamlarda ulanmak arkaly kabul edip bolýar.

Suwsuzlygy gandyrmak we bedeniňizi yssydan goramak üçin iň sagdyn, peýdaly iýmitler:

Hyýar — 90 göterim suwdan ybarat, yssy günler üçin ajaýyp önüm.

Kiwi — suwsuzlygyň öňüni alýar, sebäbi düzüminde kalsiý köp.

Garpyz — suwsuzlygy gandyrýar, zäherleri aýyrýar we artykmaç agramdan goraýar.

Gök otlar — iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Tomsuň jöwzaly günlerinde eziz Diýarymyzyň ak bazarlaryny rysgal-berekete besleýän gök-bakja önümleri her bir ildeşimiziň mukaddes saçagyny bezeýär. Dogry iýmitlenmek, sagdyn bolmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek içki we daşky dünýämizi, durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär.

Ogulnur ÝAKUBOWA,
Daşoguz şäheriniň inçekesele garşy bejeriş-sagaldyş görnüşli ýörite 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
icc 9800 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza forumy: umumy maksatlaryň bähbidine

awaza yaslar forum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar dünýäniň üns merkezinde

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop