Dark
Light
25.01.2026
rus dili kurslari THE ASHGABAT TIMES

Diller – dostluk köprüsi

11.08.2025

Garaşsyz Türkmenistanyň altyn geljegi hasaplanylýan bagtyýar nesillere bilim-terbiýe bermek işi mekdebe çenli çagalar edaralarynda maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şol sanda çagalar bilen geçilýän sapaklaryň hatarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegine hem aýratyn orun berilýär. Degişli toparlarda ýaş aýratynlyklaryna görä rus diliniň we iňlis diliniň okadylmagy,  käbir ýöriteleşdirilen çagalar bakja-baglarynda daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi geljekde ak mekdebe gadam basjak körpeleriň mekdebe taýýarlygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Çagalar baglarynda daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini okatmak degişli okuw maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Bu ugurdaky sapaklaryň okadylyşy hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, şunda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar. Bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýeri gelende bellesek, rus dili sapaklarynda hem döwrebap tehnologiýalardan we media serişdelerinden peýdalanmak iş tejribä ornaşdyrylýar. Çagalaryň rus dilini göwnejaý öwrenmekleri, olaryň dil taýýarlyklarynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalar  pedagogikanyň gazanan baý usulyýeti we tejribesi bilen sazlaşdyrylýar.

Çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höweslerini, gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak, sapaklarda alan nazary bilimlerini berkitmek we üstüni ýetirmek maksady bilen çagalar baglarynda ýörite gurnaklar hem hereket edýär. Bu ugurda yglan edilýän dürli bäsleşiklere taýýarlanmak, olary guramaçylykly geçirmek işlerine hem jogapkärli çemeleşilýär. Munuň özi mekdebe çenli bilim we terbiýe ulgamynyň düzümlerinde daşary ýurt dillerini öwrenmek, çagalaryň erkin gürläp bilmek endiklerini ösdürmek ugrunda köpugurly bilim-terbiýeçilik işleriniň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Gülnara TURSUNOWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mugallymlar bilim maslahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary

saglygy gorayys THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Baş baýlygyň goragynda

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop