11-nji awgustda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabarada Gahryman şahyryň doglan gününiň hormatyna Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlaglary okaldy. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň Gahrymany A.Şagulyýewany doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, galamynyň ýiti bolmagyny, mundan beýläk-de döredijiliginiň has-da ösüp, dünýä ýaýramagyny arzuw etmek bilen, onuň ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösdürilmegine, türkmen halkynyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna goşan uly goşandy bilen aýratyn hormata mynasyp bolan şahsyýetlerimiziň biridigini nygtady.
Dabara ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşyklylykda dowam etdi. Ussat şahyr A.Şagulyýewanyň sözlerine döredilen, kalplara ruhy lezzet berýän aýdymlary diňläp, dabara gatnaşyjylar ajaýyp waka mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çykyşlara uly höwes bilen tomaşa etdiler.
«THE ASHGABAT TIMES».