12-nji awgustda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň Medeniýet öýünde döwlet Baştutanymyzyň atasy, Milli Liderimiziň kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan «Watan, asudalyk — peder wesýeti, nesilleriň müdimilik mekdebi» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarydyr işgärleri, talyplar hem-de içeri işler edaralarynyň hormatly weteranlary gatnaşdylar.
Dabaraly maslahat içerki gullugyň podpolkownigi, ilhalar ynsan Mälikguly aganyň harby bölümde ýerleşýän heýkeline gül goýmak bilen başlandy. Soňra oňa gatnaşyjylar Mälikguly Berdimuhamedowyň gulluk ýyllarynda dolandyran moto we awtoulaglarynyň sergisini synladylar. Şeýle hem Watana wepaly gulluk etmegiň mekdebine öwrülen ilhalar ynsanyň ömür ýoluna dahylly muzeý gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyşlyk guraldy.
Dabaraly maslahat harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirmeklerindäki hoş owazly çykyşlar bilen utgaşdy.
«THE ASHGABAT TIMES».