Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) AFK-nyň «Çempionlar ligasy — 2» bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi. Şunlukda, ýurdumyzyň «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň çykyş etjek toparçalary hem-de şol ýerdäki garşydaş klublar kesgitlendi.
AFK-nyň «Çempionlar ligasy — 2» bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyryna 32 topar gatnaşyp, klublar Günbatar we Gündogar zolaklara bölündi. Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» futbol kluby «B» toparçada «Al-Ahli» (Katar), «Andijon» (Özbegistan) hem-de «Al-Haldiýa» (Bahreýn) toparlary bilen duşuşar.
«Ahal» bolsa «C» toparçada bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Ýurdumyzyň wise-çempionynyň garşydaşlary «Sepahan» (Eýran), «Al-Husseýn» (Iordaniýa) hem-de «Mohun Bagan» (Hindistan) toparlary boldy.
«Arkadag» topary «Çempionlar ligasy — 2» bäsleşiginiň toparçalaýyn ýaryşyna AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşar. Geçen möwsüm Pnompen şäheriniň «Morodok Techo» stadionynda geçirilen final duşuşygynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň Kambojanyň dört gezek çempiony «Swaý Rieng» toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini ýatladýarys. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finalynda çykyş eden «Ahal» abraýly ýaryşyň deslapky tapgyryndan çykyşyna başlapdy. Toparymyz ýakynda Tursunzade şäherinde geçirilen deslapky tapgyryň duşuşygynda Täjigistanyň «Regar-TadAaz» toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edeninden soň, toparçalaýyn bäsleşikde çykyş etmäge mümkinçilik aldy.
Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 2025-nji ýylyň sentýabr — dekabr aýlarynda geçiriler. Günbatar zolakda toparlaryň 16-sy bolup, olar dört toparçada çykyş ederler. Bu bäsleşikler 16-17-nji sentýabrda badalga alyp, jemleýji 6-njy tapgyryň duşuşyklary 23-24-nji dekabrda geçiriler. Toparçalarda ilkinji iki orny eýelän toparlar utulan-çykdy tapgyrynda bäsleşmäge mümkinçilik alarlar.
«THE ASHGABAT TIMES».