sport olimp THE ASHGABAT TIMES

Sport – parahatçylygyň ilçisi

19.08.2025

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Şunda täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy toplumlaýyn özgertmek babatda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigi buýsançly hakykatdyr.

Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, geçen ýylda bolsa Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriniň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda wajyp orny eýeleýän ýurdumyz öz döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli döwrebap şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Şadurdy ÇARYÝEW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
oguzhan turkmenfilm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

2026-njy ýylda milli kinematografiýanyň 100 ýyllygy belleniler

caaga kompyuter THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim-terbiýeçilik işi rowaçlanýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop