210825 22 1 THE ASHGABAT TIMES

Täze okuw ýylyna täze maksatlar bilen

26.08.2025

Ýurdumyzyň ylym-bilime telwasly bagtyýar nesilleriniň durmuşynda iň gyzykly hem ýatdan çykmajak pursat bolan täze okuw ýylynyň başlanjak güni barha golaýlaşýar. Watanymyzyň röwşen geljegi üçin aýratyn ähmiýeti bolan täze okuw möwsümine biziň çagalar bakja-bagymyzda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň üstümizdäki ýylyň 25-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2025-nji ýylyň 23-nji awgustynda bilim işgärleriniň maslahatyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bellenildi. Şoňa görä-de, bilim işgärleriniň maslahatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de bilim-terbiýeçilik işiniň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen strategiki wezipeleriniň hem-de maksatlarynyň 2024-2025-nji okuw ýylynda durmuşa geçirilişiniň netijeleri seljerilip, täze, 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeler we ýetilmeli sepgitler kesgitlendi.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda bilim-terbiýeçilik edaralarynda okuw ýylyna guramaçylykly başlamak we okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak babatynda usuly-iş maslahatlarynyň dürli görnüşleriniň geçirilmegi, okuw maksatnamalarydyr meýilnamalaryň täzeden seljerilip taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly işleriň alnyp barylmagy, terbiýeçileriňdir bilim işgärleriniň hünärlerini kämilleşdirmeklerine, körpe nesilleriň kämil bilim-terbiýe almaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ugurdaky maksat geljekde hem ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň, olara şahsy we jemgyýetçilik ahlak düzgünlerini öwretmegiň iň netijeli tärlerini tapmaga, olary durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Bagtdan paýly balalaryň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Maýa ÝUSUPOWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:32 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» (fotogalereýa)

tayland THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tailanddan medallar bilen

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop