Dark
Light
24.01.2026
tayland THE ASHGABAT TIMES

Tailanddan medallar bilen

26.08.2025

Tailand Patyşalygynyň Uly Bangkok sebitine degişli bolan Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, üç görnüş boýunça altyn, bir görnüşde bolsa bürünç medal gazandylar. Ýaryş Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan guraldy. Oňa Awstraliýadan, Wýetnamdan, Gonkongdan, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Saud Arabystanyndan, Singapurdan, Tailanddan, Türkmenistandan hem-de Şri-Lankadan iň güýçli ýaş tennisçiler gatnaşdylar.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medallarynyň ikisini 13 ýaşly Aly Geldiýew gazandy. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy şahsy duşuşykda ýeňiş gazanyp, bu üstünligini A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew bilen bilelikdäki jübütleýin çykyşynda hem dowam etdi.

Türkmenistanyň ýygyndysyna ýene bir altyn medaly paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aýlar Kakabaýewa getirdi. Ol şahsy ýaryşda bäş garşydaşyny — Amata Ýingwiriýany (6:2, 6:1), soňra I.Deşasateni (W.O.), Hytaýdan Çen Ilini (7:5, 6:0), gonkongly Lam Çeuky (6:3, 6:2) ýeňmegi başardy. Ol finalda tailandly bäsdeşi P.Daungkhlawyň oýny doly dowam etdirmändigi üçin ýeňiş gazanyp, altyn medala mynasyp boldy.

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Anna Ponýatowa bolsa bürünç medal ugrundaky duşuşykda gonkongly Lam Çeuka garşy çykyş edip, 4:1, 3:5, 4:1 hasap bilen ýeňiş gazandy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

210825 22 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze okuw ýylyna täze maksatlar bilen

rasid THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop