garassyzlykbs THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk, döwletlilik senasy

28.08.2025

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler garaşsyz ösüşimiziň taryhy sene ýazgysyna aýratyn many-mazmun, öwüşgin berip, bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar.

Ata-babalarymyz taryhda döwlet gurmak, ony dolandyrmak, jemgyýetde adalatlylygy ýola goýmak babatda dünýä nusgalyk işleri bitiripdir. Bu gün türkmen halky ýene öz berkarar döwletinde bagtly durmuşyň hözirini görýär. Milli Liderimiz 2023-nji ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününde geçen umumy sapagynda bu babatda: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň gazanan esasy üstünligimiz hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň taryhy hem-de gazanan milli tejribesi, Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bu gün tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär» diýip jaýdar belledi.

Döwlet ösüşiniň her bir tapgyry öz aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Olar ykdysadyýetde, ylym-bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda bolup geçýän üýtgetmeler, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döwrebap kämilleşmegi, halkyň aňyýetiniň hukuk taýdan ösmegi, içeri we daşary syýasatyň, döwlet dolandyryşynyň görnüşleriniňdir usullarynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär. Geçen ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyçlary esasynda tapgyrlaýyn konstitusion özgertmeler amala aşyryldy. Döwlet häkimiýet edaralarynyň hakyky orny kesgitlenildi. Wezipeler döwrebaplaşdyryldy. Konstitusiýanyň düzgünleri kämilleşdirilip, geljekki ösüşlere giň mümkinçilikler açyldy. Döretmek ýoly bilen okgunly öňe barýan halkymyzyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz barha ösdi, özgerdi, kämilleşdi. Munuň şeýledigini ykdysadyýetde, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda ýetilýän sepgitler hem aýdyň görkezýär.

Dünýäde şeýle nygmatlar bar bolup, olaryň gadyr-gymmaty, ähmiýeti asyrlar we hatda bakylyk bilen ölçelýär. Ýyllar, zamanlar geçse-de, olar adam, döwlet, halk we jemgyýet üçin iň möhüm zerurlyk, ýokary nygmat bolmagynda galýar. Garaşsyzlyk – ynha, şeýle beýik gymmatlykdyr. Bu sözi aýdanda, biz hem taryhymyzy, hem bu günki günümizi, hem geljekki durmuşymyzy göz öňümize getirýäris.

Guwanç ÖDÄÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň
Içerki goşunlar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
guterris THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

garassyzlykbs 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk, döwletlilik senasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop