Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýene-de bir täze okuw ýylynyň başlanmagyna az salym galdy. Nobatdaky 2025-2026-njy okuw ýylyna ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýokary derejede taýýarlyklar görüldi. Geçen okuw ýylynyň üstünlikleri, ruhlandyryjy sepgitleri bilen täze okuw ýylyna girişmekde Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem taýýarlyklary bellenilmäge mynasypdyr. Bu okuw ýylynda welaýatymyzyň müňlerçe körpeleri çagalar bakja-baglarynyň ýaş aýratynly toparlarynda terbiýelener we mekdebe taýýarlanar. Ine, şular babatda Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň käbir bilim işgärleriniň çykyşlaryny ýazga geçirip, saýtyň okyjylaryna ýetirmegi maksat edindik.
Çeper ANNAÝEWA,
Baýramaly şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TDP-niň agzasy.
― Her ýylyň awgust aýynda bilim ulgamynda örän wajyp bolan ähmiýetli wakalara aýratyn orun berilýär. Bu döwürde geçen okuw ýylynyň jemlerine bagyşlanan maslahatlar, täze okuw ýylyna taýýarlyklar sazlaşykly alnyp barlyp, täze üstünliklere tarap gadam basylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bu babatdaky işler tomus sagaldyş möwsüminiň çäreleri bilen utgaşýar. Şoňa görä-de, bu ýyl hem bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlarynda çagalar bilen geçirilýän gyzyklanma we göwnaçma çärelerine aýratyn üns berildi. Nazary okuwlarda dürli temalar boýunça pedagogik işgärleriň çykyşlary bilen birlikde körpeleriň gyzyklanmalary, göwnaçma pursatlary täsirliligi bilen tapawutlandy.
Ine, sanlyja wagtdan täze okuw ýylyna gadam basylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda çagalar bakja-baglaryny tamamlan körpeler ak mekdebe kabul edilse, bakja-baglarynyň toparlarynda körpeler örän gyzykly gün pursatlary, sowatlylyk sapaklary bilen garşylanar. Okuw maksatnamasy esasynda sapaklarda bagtyýar nesillerimize täze temalar, gyzyklyja oýunlar we terbiýeçileriň bilime höweslendirmeleri garaşýar.
Keýik ANNASAPAROWA,
Garagum etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
― Ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik ojaklarynda bolşy ýaly, biziň hem çagalar bakja-bagymyzda täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görüldi. Tomus sagaldyş möwsümini üstünlikli jemläp, okuw ýylyna taýýarlyk görmekde abadanlaşdyryş, iş resminamalaryň taýýarlanylyşy, bezeg işiniň ýerine ýetirilişi, iş meýilnamalaryň düzülişi we beýlekiler babatda pedagogik we guramaçylyk işleri alnyp baryldy. Awgust aýynyň dowamynda geçirilen usuly okuwlara we maslahatlara çagalar bakja-bagymyzyň bilim işgärleri işjeň gatnaşyp, tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik aldylar. Geçen okuw ýylynyň oňyn netijeleri bizi bu okuw ýylynda has netijeli zähmet çekmage ruhlandyrýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda täze okuw möwsümine girişmek bilen, biz watansöýüji nesillerimizi parahatçylyk we ynanyşmak ruhunda terbiýelemek, olara bitaraplyk düşünjesini we onuň gadyr-gymmatyny wagyz etmek babatda hem okuw-terbiýeçilik işlerini has netijeli alyp barmaga çalşarys.

Sähra AKMÄMMEDOWA,
Mary etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:
― Elbetde, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik işgärleriniň has netijeli we tutanýerli zähmet çekmeklerine gönükdirilen mümkinçilikler, pedagogik işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmäge niýetlenen döwrebap şertler bizi täze zähmet üstünliklerine iterýär. Çagalar bakja-bagymyzda täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ähli pedagogik, usuly-guramaçylyk işleri bilen bir hatarda sanlylaşdyrylan mümkinçilikleri ykjam peýdalanmaga aýratyn üns berdik. Çünki körpelerde döwrebap bilimleri we başarnyklary kemala getirmekde terbiýeçileriň, has sowatly we kompýuter bilimliligi möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, sanly bilim ulgamyny işjeň durmuşa ornaşdyrmak babatdaky ýörelgelerden ugur alyp çagalar bakja-bagymyzda okatmagyň usulyýetini mundan beýläkde kämilleşdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biri bolmagynda galýar. Nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olaryň sagdyn we berk bedenli, milli ruhda kemala getirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri bolsa bize ýol-ýörelgedir.
Bilim işgärleriniň sözlerinden hem görnüşi ýaly, zähmete höwes hem-de hünäre bolan belent söýgi döwrümiziň eşretleri, körpe nesilleriň geljegi üçin döredilýän şertleriň netijesidir. Şonuň üçin hem nesil terbiýesi ýaly asylly işlerde we watansöýüjilikde bize belent nusga bolýan Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli bagtyýar çagalaryň, ata-eneleriň we bilim-terbiýeçilik işgärleriniň alkyşlary egsilmezdir.
Taýýarlan Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.