Dark
Light
24.01.2026
bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES

Ylym-bilim – bagtly geljegiň açary

02.09.2025

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda kämil milli bilim ulgamy döredildi. Oňa täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalary many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň esasy maksady ýurduň bilim ulgamyny halkara standartlaryň derejesinde we umumy kabul edilen kadalara laýyklykda kämilleşdirmekden, öňdebaryjy tejribäni ulanmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemekden, olara döwrebap bilim bermekden ybaratdyr. 

Ýurdumyzda bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Şu jähetden, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýokary, orta we başlangyç hünär, şeýle-de umumybilim berýän orta mekdeplerinde geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ilkinji okuw sapagynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda görülýän çäreler barada giňişleýin durlup geçildi.

Ähli bilim edaralarynda berilýän bilimiň üznüksizligi hem-de arabaglanyşygy üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okatmagyň usulyýeti milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda has-da döwrebaplaşdyrylýar. Netijede, okuwçylardyr talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar.

Häzirki wagtda döwrebap aň-düşünjeli nesli kemala getirmek, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak öňde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr. Şu jähetden alnanda, düýn Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Mekan MÄMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

111 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze gadamlar bilen

bilim okuwcy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilimler dünýäsine ýol

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop