Gündogaryň beýik akyldary nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen pähim-paýhasly setirlerini ýörelge edinýän halkymyz ynsan saglygyny baş baýlyga deňeýär. Bu babatdaky ýörelge mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde, şol sanda Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly täze taryhy eýýamda üstünlikli dowam etdirilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işine, ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýär.
Lukman alym Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ynsan saglygyny goramak bilen bagly işler giň gerime eýe boldy. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň aýdanlary ähmiýet berilmäge mynasypdyr. Bu barada: döwlet Baştutanymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar» diýip aýratyn belleýär.
Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işi, milli lukmançylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak maksady bilen, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleriň, saglyk öýleriniň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki desgalarynyň gurlup, yzygiderli ulanylmga berilýändigini hem bellemek gerek. Şol desgalaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelmegi olarda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagyny şertlendirýär.
Ilatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Gunçagül GARAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.