2025-nji ýylyň 4–14 sentýabry aralygynda Angliýanyň Liverpul şäherinde geçiriljek World Boxing guramasynyň ilkinji dünýä çempionatyna Türkmenistanyň boks ýygyndysy gatnaşar. Bu halkara ýaryşda ýurdumyzy dört türgen we iki tälimçi wekilçilik eder.
Sportportal.tm saýtynyň habar bermegine görä, ýygyndy toparyň baş tälimçisi Ýazmuhammet Pazzyýew, onuň kömekçisi bolsa Aliasger Başyrow bolar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde çykyş etjek türgenler:
- Döwlet Muhammedow — agram derejesi: 60 kg çenli
- Yhlasbek Koçkarow — 65 kg çenli
- Bäýramdurdy Nurmuhammedow — 70 kg çenli
- Döwlet Islamow — 90 kg-dan ýokary
Türgenleriň garşydaşlary çempionatyň öňüsyrasynda geçiriljek bije çekilişinden soň belli bolar.