energetika taze bina THE ASHGABAT TIMES

Energetika pudagy: ylym-bilim binýadyny pugtalandyryp

03.09.2025

Ýurdumyzyň ähli ýerinde uludan baýram edilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde welaýatymyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk täze okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy açylyp, ulanylmaga berildi. Şeýle-de, Mary şäheriniň gözelligine gözellik çaýýan aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasynyň açylmagy biziň her birimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň buýurmasy esasynda “Röwşen” hususy kärhanasynyň ussat gurluşykçylary tarapyndan bina edilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binasynda talyp ýaşlaryň oňat bilim almagy üçin ençeme amatly şertler döredilip, onda 50 we 80 orunlyk umumy okuw otaglary, kompýuter, lingafon, amaly okuw, okuw-tejribehana otaglary bar. Bulardan başga-da, binada “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar geňeşiniň otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robototehnika we emeli intellekt okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler zaly, kiçi mejlisler zaly, erkin döredijilik merkezi hem bolup, olar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Italiýa Respublikasynyň we beýleki birnäçe daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň iň kämil, döwrebap okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Ýene-de bellemeli aýratyn zatlarymyzyň biri, ol hem binada ýagyş suwy üçin niýetlenen howuzlaryň bolmagydyr hem-de şol suwuň üsti bilen binanyň meýdançasynyň çägindäki baglary suwarmak mümkinçiliginiň döredilmegidir. Şeýle-de, binanyň üçeginde kuwwaty 132 kilowata deň bolan Gün panelleri oturdylyp, ol Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmäge ýardam edip, täze binanyň yşyklandyrylyşyna özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Täze goşmaça okuw binasynyň ýanaşyk çäklerinde iki gatdan ybarat bolan ýapyk görnüşli sport desgasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi talyp ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Talyp ýaşlaryň oňat dynç almaklary, okuw derslerini özbaşdak özleşdirmekleri, birek-birek bilen pikir alşyp bilmekleri üçin giň mümkinçilikleri bolan dört gatly umumy ýaşaýyş jaýynyň hem ulanylmaga berilmegi diýseň buýsandyryjydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, ilhalar ýaşlar bolup ýetişmeginde giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Didar MELEJÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
halk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halk Maslahaty — milli däpleriň gözbaşy

bugday ekisi 2025 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop