Mugallymçylyk hünäri, mugallymyň ykbaly ýurdumyzyň nurly geljegi bolan ýaş nesliň ylym-bilimi, edep-terbiýesi bilen aýrylmaz baglydyr. Şu jähetden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň röwşen geljegini gurmakda mugallym hünärmenlere uly orun degişlidir.
2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda Gahryman Arkadagymymyzyň ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna döwletli gadamynyň düşmegi ýokary okuw mekdebimiziň ähli professor-mugallymlarynyň we bagtyýar talyp ýaşlarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Bu şanly waka institutymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Alym Arkadagymyzyň institutymyzyň halypa mugallymlarydyr talyp ýaşlary bilen geçiren söhbetdeşligi has-da täsirli boldy. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy duşuşykda biziň bilim ojagymyz bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap, täze binalar toplumyny gurmak baradaky teklibi biziň ählimiziň başymyzy göge ýetirdi.
Şundan köp wagt geçmänkä, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilýän senesinde, has takygy, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda institutymyzyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar.
Ýakynda biz hem talyp deň-duşlarymyz bilen ýene sanlyja aý-günlerden okajak täze okuw binamyzyň otaglary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldyk. Şol gün biz ― talyp ýaşlar üçin iň bagtly günleriň biri boldy diýsek ýalňyşmarys. Dogrudanam, täze bilim ojagymyzyň döwrebaplygyny, owadanlygyny görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Institumyzyň gurluşygy dowam edýän pursatynda talyp deň-duşlarymyz bilen baryp, ýakyndan tanyşmagymyz bizi buýsandyrdy, talyp göwünlermizi galkyndyrdy, bizde uly täsir galdyrdy.
Biz ― talyp ýaşlara şeýle döwrebap, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýäniň halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ýokary okuw mekdeplerinde okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Mekan KÖMEKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Fizika we informatika hünäriniň IV ýyl talyby.