kitaphana new THE ASHGABAT TIMES

Paýhas we ylham çeşmesi

08.09.2025

Türkmen halky kitaby gymmatly hazyna, paýhas çeşmesi hasaplamak bilen, umumadamzat ýadygärliginiň edebi jemlenmesi hökmünde oňa örän aýawly çemeleşýär. Kitap ähli ýaşdaky adamlaryň, aýratyn hem, çagalardyr ýetginjekleriň köptaraply ylymly-bilimli bolmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzdaky «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurulmagynyň möhüm ähmiýete eýedir.

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezlerinde enjamlaşdyrylyşy we binagärlik çözgüdi babatda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap kitaphanalar guruldy. Olaryň çäginde ýyldyzlary, asman jisimlerini ylmy esasda öwrenmäge niýetlenen obserwatoriýalaryň bolmagy kitaphanalaryň ähmiýetli bilim ojagy hökmündäki derejesini has-da artdyrýar. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edilmegi meýilleşdirilýän çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde kitaphanany gurmak baradaky çözgüt hem Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, kitap jemgyýetiň ösüşiniň kepili bolmak bilen, ol mukaddeslik derejesinde eý görülýär, sarpalanýar. Kitap okamak endigini, kitaba söýgini mizemez ýörelgä öwren ata-babalarymyzyň şol ýolunyň häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilmegi, milli kitaphana ulgamynyň ösdürilmegi, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlarynyň hödürlenilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 24-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr. «Medeniýet hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylan bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimizden ugur alnyp has-da kämilleşdirilmegine uly goşant bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kitaphana ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Goý, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

Parahat ALLABERDIÝEWA,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:53 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
seydi institut THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwrebap binalar toplumy gurulýar

sd905qj2pijoame00suvbpi6i32saz 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop