10 09 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

09.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Täjigistanyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň yzygiderli pugtalanýandygyny we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň işjeň ýokarlanýandygyny belledi we türkmen tarapynyň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

TDH

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
turkmenistanyn telekommunikasiyalar we informatika instituty THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Merkezi Aziýa ýaşlar forumy “Saglyk we durnukly ösüş – parahatçylyga ýol”

s1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Medeniýetli nesilleri kemala getirmegiň ýolunda

Soňkylar Habar

GitTop