Dark
Light
25.01.2026
garassyzlyk yaslar caga THE ASHGABAT TIMES

Nesilleriň milli medeniýet mekdebi

10.09.2025

Türkmen dili — bu diňe bir gepleşýän dilimiz däl, eýsem, milliligimiziň, taryhymyzyň we milli gymmatlyklarymyzyň aýdyň beýanydyr. Bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan başlangyç synplarda türkmen dilini öwretmek aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi çagalaryň diliniň düzümi, söz baýlygy, düşünjesi hem-de milli şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hut şu döwürde başlanýar.

Başlangyç synp mugallymy diňe bir dil sapagyny geçýän pedagog däl, ol çaganyň dünýäni tanamagynda ilkinji ýolbeletidir. Türkmen diliniň sözlük baýlygyny öwretmek, çagalaryň döredijilik ukybyny ösdürmek, olary kitap okamagyň lezzetine höweslendirmek mugallymyň möhüm wezipeleriniň biridir. Mysal üçin, okyjylyga bolan söýgini artdyrmak üçin halk döredijiliginden ertekiler, nakyllar, rowaýatlar giňden peýdalanylýar.

Bu gün biz – türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny buýsanç bilen belleýäris. Garaşsyzlyk bize öz milli dilimizi, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda, ösüp gelýän nesli ruhubelent terbiýelemekde giň mümkinçilikler berdi. Sapaklarymyzda Garaşsyzlygyň manysy, onuň ýaş nesil üçin ähmiýeti, Watana wepalylygyň mukaddes borçdygy düşündirilýär. Biz – mugallymlar Garaşsyzlygyň şanly ýyllarynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň berip, çagalaryň milli buýsanjyny, watançylyk duýgusyny ösdürýäris.

Şu günki ýaş nesil — ertirki Garaşsyz Türkmenistanyň binýadydyr. Şonuň üçin türkmen dili sapagy arkaly çagalara diňe bir grammatika däl, eýsem, Watana, diline, däp-dessuryna söýgi terbiýesi hem berilýär. Bu bolsa döwletimiziň ösüşine, halkymyzyň agzybirligine hyzmat edýär.

Güljahan JEPBAROWA,
Saýat etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň başlangyç mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

glawny THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyzda “Ak bugdaý” milli muzeýiniň döredilmeginiň 20 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellendi

yol hereketi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Asudalyk – ýollarymyzyň ýaraşygy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop