Dark
Light
25.01.2026
241223 02 nebit THE ASHGABAT TIMES

Nebit we gaz pudagynda ýetilen belent sepgitler

12.09.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz ýerasty baýlyklara örän baýdyr. Şeýle baýlyklary diňe bir öz halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň bähbitlerine gönükdirmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmäge, önümçilik kuwwadyny ýokarlandyrmaga, ýangyç-energetika toplumyny köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilen tagallalar, nebit we gaz, himiýa önümleriniň önümçilik möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler bu ugurda aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr.
Häzirki wagtda türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de olary dünýä bazarlaryna eltmegiň köpugurly ýollarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly tagallalar edilýär. Nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan iri taslamalaryň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Päkistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu gün bütin dünýäde hem uly gyzyklanma eýedir.
Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu ugurda mynasyp işler alnyp barylýar. Bu ýokary okuw mekdepde nebit-gaz ugry bilen birlikde, gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek boýunça ýokary derejeli hünärmenler hem taýýarlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebitgaz toplumyny batly depginlerde döwrebaplaşdyrylmagy, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da artdyrylmagy ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär.

Jeýhun GAZAKBAÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

morganes second mission THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

UNFPA maşgala abadançylygy babatda kanunçylyk işlerini kämilleşdirmekde tehniki goldaw berýär

e3261b583dbf19289a855b49d5a782c1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaý «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyryna gatnaşar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop