Dark
Light
25.01.2026
bilim mekdep g THE ASHGABAT TIMES

Bilimli ýaşlar – Watanyň daýanjy

14.09.2025

Egsilmez hazyna deňelýän ylym-bilim ähli döwürleri hem-de bütin adamzady ýagty geljege alyp barýan şamçyragdyr. Şonuň üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle döwletli işleriň özeninde  Watanymyzyň kuwwatly güýji bolan ýaş nesiller hakyndaky alada bar.

Mälim bolşy ýaly, bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bu ulgamy ösdürmäge maýa goýumlar gönükdirilýär, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Häzirki wagtda orta mekdeplerde we çagalar baglarynda, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, beýleki bilim edaralarynda okuw maksatnamalary milli ýörelgelere laýyklykda kämilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça maksatnamalar hem bar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy, täze okuw maksatnamalary girizildi, rus we iňlis dilleri sapaklaryndan başga-da, fransuz, nemes, ýapon, hytaý, koreý, italýan dilleri orta mekdepleriň maksatnamalaryna goşuldy. Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi. Mekdeplerde okuwçylaryň daşary ýurt dillerini has çuňňur öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi, lingafon otaglary, multimediýa tagtalary, daşary ýurt dillerinde täze okuw kitaplary we gollanmalar ulanmaga berildi. Ýurdumyzda hereket edýän dil merkezleriniň sany artdyryldy. Şeýle hem mekdep okuwçylaryna daşary ýurtlarda bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik döredildi.

Jemläp aýdanyňda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbalyna, ylym-bilimiň çalt depginde ösýän, adam paýhasynyň ýokary sepgitleri gazanýan döwründe ýaşaýan we zähmet çekýän häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Täzegül ARJALIÝEWA,
Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga 25 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim binýady berkeýär

bmg b THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG we ýaşlar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop