garassyz kollazh THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk – beýik ösüşlerimiziň binýady

15.09.2025

Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi. Oňyn özgertmeler, okgunly ösüşler her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin iň gowy şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Garaşsyzlygyň halkyň durmuşyna, aň-düşünjesine edýän täsiri ýyl-ýyldan has aýdyň ýüze çykýar. Kerwen gurap geçip barýan aý-günler täze-täze belentliklere ýetirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýoly häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň çylşyrymly şertlerinde-de öňe tarap ynamly hereket etmäge mümkinçilik berýär. Türkmen halky döwlet syýasatynyň maksatlaryna we geljegiň wezipelerine içgin üns bermek bilen, jemgyýetiň birleşen tagallasynyň ähmiýetine aýdyň göz ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda halk paýhasynyň çuňluklaryna ýüzlenip, türkmenleriň arzuwlap gelen özbaşdak döwletli bolmak baradaky maksatlarynyň many-mazmunyny ussatlyk bilen beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bütin döwletlilik ýörelgeleriniň gös-göni ata-babalarymyzyň köp müňýyllyk kämil tejribelerine, şolar bilen ýaşaýan iliň isleg-arzuwlaryna daýanýandygyny parasatlylyk bilen belläp geçýär. Milli Liderimiziň: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolandyr» diýen buýsançly sözleri halk bilen döwletiň arasyndaky mizemez baglanyşygyň köklerini açyp görkezýär.

Sentýabr aýy — halkymyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşan aýy. Beýik baýramçylyk — ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk toýy bu aýa aýratyn dereje, şöhrat berýär. Bu aýyň her bir gününiň şanly toýuň dabaralary bilen beslenmegi ýüregiňi has-da joşduryp, ruhuňy galkyndyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Gadam SEÝLIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň Başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
halk maslahaty THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maslahatly il myrada ýeter

arkadag akhann n THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäheri – döwrümiziň altyn şuglasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop