arkadag akhann n scaled THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheri – döwrümiziň altyn şuglasy

15.09.2025

Gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäherini bu gün görmäge göz gerek. «Akylly» şäher sebitde innowasion ösüşleriň ähli gazananlaryny özünde jemleýän şäher hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalaryndan bina bolan juwan şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary beýik eýýamdan ruhlanyp, halal zähmet çekmek, döretmek, gurmak bagtyna eýe bolýarlar.

Mälim bolşy ýaly, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýän täze şäher şähergurluşygyň iň soňky tehniki gazananlaryny özünde jemleýär. Arkadag şäherine gowşurylýan abraýly halkara baýraklar Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän köpugurly innowasion şähergurluşyk taslamalarynyň, olaryň durmuşa geçirilişiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Ýurdumyzy dünýäniň iň bir öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen tagallalaryň oňyn netijesi bolmak bilen, Arkadag şäheri täze taryhy döwrümiziň ajaýyp keşbini şöhlelendirýär. Munuň şeýledigini «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda-da ýaşaýjylaryň durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrjak, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň taslamasyna aýratyn ähmiýet berilýändigi hem görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen möhüm döwlet resminamalarynyň arasynda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem bolmagy buýsançly ýagdaýdyr.

Halkymyzy bagtyýar günleriň gujagynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aýgözel ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
garassyz kollazh THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk – beýik ösüşlerimiziň binýady

yol her 23 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ak ýollarymyz abat bolsun!

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop