Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny hem ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar.
Häzirki wagtda Milli Liderimiziň asylly başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Berkarar Watanymyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýna ýaly tekiz, giň ýollaryň, köprüleriň, pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda oňyn şertler döredilýär. Ýakynda Arkadag şäheriniň çäginden geçýän, durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň we täze gurlan Keýmir kör şaýolunyň hem-de olaryň çatrygynda ýerleşýän köpzolakly döwrebap köpriniň açylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Ýol-ulag düzümine degişli bu desgalar ulaglaryň we aragatnaşygyň hereketini sazlaşykly üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, güýzüň ilkinji gününde täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ýollardaky hereket hem işjeňleşýär. Şunuň bilen baglylykda, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat işlerini geçirmek möhüm ähmiýete eýedir. Sentýabr aýynyň bütin dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde biraýlygyň ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlara yzygiderli orun berilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde biz ― ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek babatynda gymmatly maslahatlar berilýär.
Jemläp aýdanyňda, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi raýatlarymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda, ömrümiziň howpsuzlygyny gazanmakda, döwletimiziň abadanlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň abadançylygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Mälikmyrat AMANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.